Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaý COVID-19-a garşy göreşi maslahatlaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaý COVID-19-a garşy göreşi maslahatlaşar
Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi, ýagny Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan gatnaşar.

Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri pandemiýa garşy göreşi maslahatlaşmak hem-de bu ugurda hyzmatdashlygy dowam etdirmek üçin penşenbe güni wideo konferensiýa geçirer. Bu barada CGTN çarşenbe güni habar berýär.

Hytaýyň döwlet teleýaýlymynyň habaryna görä, ýygnaga Hytaýyň Döwlet geňeşçisi we Daşary işler ministri Wan Ýi ýolbaşçylyk eder.

Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi, ýagny Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan gatnaşar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (OECD) hasabatyna görä, COVID-19-yň çig mallara, söwda we ýerli ykdysadyýetlere ýetiren täsiri öz gezeginde, sebitiň 2020-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüşine uly täsir eder.

Daşary işler ministrleri penşenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilýän ýygnakda ykdysady taýdan galkynmak boýunça goldaw bermegiň ýollaryny hem ara alyp maslahatlaşarlar.