“Bloomberg Billionaires Index”-iň hasabatyna görä, geçen anna güni “Tesla Inc.”awtoulag öndüriji kompaniýanyň paýnamalary 11% artyp, kompaniýanyň esaslandyryjysy Elon Maskyň baýlygynyň 6.1 milliard ABŞ dollar ýokarlanmagyna getirdi. Häzirki wagtda Mask Warren Baffetden, Larri Ellisondan we Sergeý Brinden öňe geçip, dünýäde ýedinji iň baý adamdyr.
“Teslan”-yň ýörite paýnamalarynyň bäşden biri 49 ýaşly işewüriň 70.5 milliard ABŞ dollary möçberindäki baýlygynyň esasy bölegini düzýär. Hasabata görä, Maskyň “Space-X” kompaniýasynyň esasy paýnamalaryna eýeçiligi takmynan 15 milliard ABŞ dollarydyr.
“Fortune”-niň habar bermegine görä, elektrik awtoulag öndüriji “Tesla” kompaniýasynyň aksiýasy şu ýyl 269% ýokarlandy. Kompaniýanyň barha artýan bahasy Maska şu ýylyň başynda 595 million ABŞ dollaryny gazanmaga kömek etdi we ony ABŞ-da iň köp aýlyk alýan baş direktor derejesine çykardy.
Mask dünýäniň baýlarynyň sanawynda Baffetden ýokary çykan täze tehnologiýalar bilen meşgullanýan işewürdir. “Microsoft Corp.”-yň öňki baş direktory Stiw Ballmer hem-de “Google”-yň esaslandyryjylary Larri Page we Brin hem Baffetden öňe geçmegi başardy.
Heçen hepde Hindistanyň iň baý adamy bolan “Reliance Industries Ltd”-iň baş direktory Mukeş Ambani Baffet we Mask ikisinden hem öňe geçdi we häzirki wagtda onuň baýlygy 72.4 milliard ABŞ dollaryndan ybaratdyr.
Warren Baffetiň baýlygy şu hepdäniň başynda “Berkshire Hathaway”-iň 2.9 milliard ABŞ dollarlyk paýnamalaryny haýyr-sahawat işine bagyş edeninde azaldy. 89 ýaşly Baffet 2006-njy ýyldan bäri “Berkshire”-iň 37 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberindäki paýnamalaryny haýyr sahawat işine bagyş edipdi.