Aşgabat we Sankt-Peterburg gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Sankt-Peterburg gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini maslahatlaşdy
Sankt-Peterburg şäheriniň gurluşyk komiteti

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gurluşyk we gurluşyk materiallary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça çarşenbe güni türkmen-rus gepleşikleri geçirildi. Bu barada türkmen DIM-i habar berýär.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda şol ministrligiň wekilleri gatnaşdylar. Rus tarapyna Sankt-Peterburg şäheriniň gurluşyk komitetiniň başlygy Igor Kreslawskiý ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de Sankt-Peterburgyň daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary Andreý Hlutkow we Sankt-Peterburgyň işewürler bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşige gurluşyk ulgamynda tejribe alyşmak, ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň täze önümçilik tehnologiýalaryny girizmek meseleleri, şeýle hem ýangyn howpsuzlygy, durnuklylyk we beýleki meseleler maslahatlaşyldy.

Taraplar 2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň, ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda ýetilen ylalaşyklara laýyklykda bu pudakdaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary barada belläp geçdiler.