“Türkmenaragatnaşyk” türkmen IT kompaniýalarynyň gatnaşmagynda onlaýn maslahat geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenaragatnaşyk” türkmen IT kompaniýalarynyň gatnaşmagynda onlaýn maslahat geçirdi
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda aragatnaşygy dolandyrýan döwlet guramasydyr.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi penşenbe güni Türkmenistanda hereket edýän 30-dan gowrak ýerli IT kompaniýalarynyň gatnaşmagynda onlaýn maslahat geçirdi.

Agentligiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň alyp baran maslahatyna Bilim ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy Hudaýgulyýew Türkmenistanda sanly ulgama geçmek, türkmen ykdysadyýetinde IT tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýalar, şol sanda telekeçiler ýurduň sanly ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan goşantlary babatynda ýerine ýetirýän taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şol bir wagtda hem, onlaýn ýygnagyň barşynda hususyýetçileriň bu ugurdaky teklipleri diňlenildi.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda her ýyl “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň gurnaýan sergisine taýýarlyk görmek işleri barada pikir alşyldy.

Şu ýylyň fewral aýynyň başynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin 10 million ABŞ dollarynyň goýberilýändigini habar beripdi.

Ministrler Kabinetiniň iýun aýynda geçirilen mejlisinde bolsa, ýurt Baştutany awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegine bu ugurda iş alyp barmaga hukugy bolan telekeçileriň hem işjeň çekilmegi boýunça tabşyryk beripdi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda aragatnaşygy dolandyrýan döwlet guramasydyr.

2022