“Ajaýyp Ussat – Halal Önümler” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän et we süýt önümlerini öndürýän maldarçylyk fermasynda sanly ulgamlardan peýdalanmagy ýola goýdy.
“Bereketli toprak” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, 31 gektar meýdany tutýan bu fermada mallar üçin 14 sany ýatak, 2 sany sagymhana hereket edýär.
Ferma müdiri Döwletmyrat Berdimyradow toplumda häzirki wagtda 2000-den gowrak iri şahly mallara, 1000-den gowrak dowar malyna ideg edilýändigini aýtdy. “2015-nji ýylda maldarçylyk fermamyzyň birinji tapgyry işe başlady”.
Işläp başlan ilkinji ýylynda ýerli iri şahly mallary idedip başlandygyny aýdan Berdimyradow wagtyň geçmegi bilen mallaryň tohum-seleksion ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin Germaniýanyň golşteýn süýt tohum mallaryny hem-de Şweýsariýanyň simmental et we süýt tohum mallaryny satyn alandygyny belledi.
“Bu mallary biziň howa şertlerimize uýgunlaşdyryp, olardan has öndürijilikli tohum mallaryny köpeldýäris” diýip, ferma müdiri işleriň barşy barada gürrüň berdi.
“Ýataklarda ýaşyna, jynsyna we süýt berijiligine görä bölünýän mallaryň dersini awtomatiki usulda aýyrmak, owkalaýjy çotgalar, ýataklaryň içki howasyny wentilýatoryň kömegi bilen sazlamak we beýleki gerekli bolan işler üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary ornaşdyryldy” diýip, ferma müdiri aýdýar.
Toplumda mallara ideg etmekde merkezleşdirilen kompýuter ulgamy işleýär. Ideg edilýän mallara ýörite çipler dakylyp, olaryň kömegi bilen her bir malyň saglyk ýagdaýyna merkezi kompýuteriň üsti bilen gözegçilik edip bolýar. Sagylýan sygyrlara dakylan datçikler bolsa, her bir sygryň berip biljek süýdüniň mukdaryny kesgitleýär.
Fermada gurlan iki sany sagymhananyň hersinde bir wagtda 48 sygyr sagylýar. Olara dakylan datçik sygryň näçeräk mukdarda süýt berip biljekdigini habar berenden soňra, kompýuterleşdirilen tehnologiýanyň kömegi bilen görkezilen mukdarda süýt saglyp alynýar.
Sygyrlara dakylýan bu datçikler, şeýle-de süýdüň bermeli möçberini we sygryň şol wagtdaky saglyk ýagdaýyny kesgitläp, weterinar lukmana ýüze çykan keseli aňsatlyk bilen anyklamaga ýardam berýär. Fermada her gün 17 tonna süýt saglyp alynýar we süýt önümlerini taýýarlaýan kompaniýalara satylýar.
“Ferma ulanylmaga berlende, mallary ot-iým bilen üpjün etmek üçin 2,850 gektar ýer Döwletnama esasynda bölünip berildi. Bu ýerden her ýylda iki hasyl alýarys” diýip, ferma müdiri mallaryň ot-iýminiň kompaniýanyň özünde öndürilýändigini hem belledi.
2018-nji ýylyň ahyrynda şu hojalyk jemgyýetine degişli Bäherden etrabynda mermer etini öndürýän täze maldarçylyk fermasy işe başlady. Ilkibaşda Germaniýanyň aberdin-angus tohumyndan bolan, mermer etini berýän sygyrlaryň 69 sanysy satyn alyndy. Häzirki wagtda bu ýere aberdin-angus tohum mallarynyň 300 başy getirilip, olary köpeltmek işleri alnyp barylýar.
Müňlerçe maly özünde saklaýan bu maldarçylyk fermasynda 30-dan gowrak işgär işleýär. Hojalyk jemgyýeti geljekde mallaryň baş sanyny 9 müňe ýetirmegi maksat edinýär.