Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) daşky gurşawy arassalamak işleri bilen meşgullanýan “Mawy Kenar” bilelikdäki kärhanasyna $12.9 million möçberinde pul serişdesini bermek barada ylalaşdy. Bu barada ÝTÖB duşenbe güni internet sahypasynda habar berdi.
“ÝTÖB-niň karz serişdesi “Mawy Kenar” kompaniýasyna öz pul dolanyşygyny maliýeleşdirmäge we nebit bilen hapalanan meýdanlary täzeden işleýän goşmaça enjamlary gurnamaga goldaw bolar. Maliýe goldawy, şeýle-de kompaniýa COVID-19-yň täsirini azaltmaga kömek eder” diýlip, ÝTÖB belleýär.
Resminamada aýdylmagyna görä, taslama daşky gurşawy täzeden dikeltmekden, şol sanda sebitde emele gelen nebit bilen hapalanan meýdanlaryň arassalaýyş işlerini geçirmekden ybaratdyr. Taslama toprakdaky nebitiň mukdaryny (2%-e çenli ýa-da ondanam az) azaltmak arkaly sebitiň ilaty, ýabany tebigaty we ekologiýasy üçin daşky gurşawdaky howplary aradan aýrar.
Mundan başga-da, “Mawy Kenar” kärhanasy ÝTÖB bilen bilelikde ekologiýa we jemgyýetçilik hereketleri boýunça Meýilnama işläp düzdi.
“Mawy Kenar” bilelikdäki kärhanasy 2018-nji ýylda “Gazyk”, “Hazar balyk” we Kanadanyň “Benel Technical Services” kompaniýalary tarapyndan esaslandyrylandyr. Kärhanada 61 adam zähmet çekýär.
2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine “Mawy Kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen nebit bilen hapalanan ýerlerde arassalaýyş işlerini geçirmek barada 15 ýyl möhlete şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.