Hytaý tebigy gaz önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý tebigy gaz önümçiligini artdyrýar
1,833 kilometrlik Hytaý–Merkezi Aziýa gaz geçirijisinden şu ýylyň ilkinji alty aýynda Hytaýa 19 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi.

Hytaýda tebigy gaz önümçiliginiň möçberi 2019-njy ýylda 150.9 milliard kub metr ýokarlanyp, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6.6 göterim artdy. Bu barada “China Daily” çarşenbe güni ýurduň Tebigy baýlyklar ministrligine salgylanyp habar berdi.

Hytaýyň Milli ösüş we özgertmeler komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ilkinji alty aýynda tebigy gazyň çykarylyşy 94.96 milliard kub metr bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9.9% köpdür.

“BloombergNEF” barlag agentliginiň maglumatyna görä, hökümetiň has arassa energiýa ymtylmagy nazara alynsa, Hytaýyň tebigy gaz önümçiliginiň indiki ýyllarda has hem artmagyna garaşylýar.

“BloombergNEF”-iň analitigi Li Ziýue slanes gazynyň Hytaýda tebigy gaz pudagynyň indiki ösüş sebiti boljakdygyna garaşýar. Ol 2040-njy ýyla çenli Hytaýda öndürilýän gazyň 30%-ini slanes gazynyň tutjakdygyny çaklaýar.

Tebigy baýlyklar ministrliginiň habaryna görä, Hytaý soňky ýyllarda nebit we gaz gözlegine maýa goýumlaryny artdyrýar we 2019-njy ýylda 82.13 milliard ýuan (11.76 milliard amerikan dollary) maýa goýdy. Bu 2018-nji ýyldakydan 29% köp bolup, rekord derejededir. Nebit we gazyň çykarylyşy üçin maýa goýumlary 2019-njy ýylda 252.71 milliard ýuana çenli artdyrylyp, bu görkeziji 24.4 göterim ýokarlandy.

Şol bir wagtyň özünde hem, Hytaý ep-esli mukdarda tebigy gazy import edýär. “PetroChina West Pipeline Co.”-nyň habaryna görä, Türkmenistandan başlap, Özbegistandan we Gazagystandan geçýän 1,833 kilometrlik Hytaý–Merkezi Aziýa gaz geçirijisinden şu ýylyň ilkinji alty aýynda Hytaýa 19 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi.

Her ýyl 60 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyply bolan Hytaý–Merkezi Aziýa gaz geçirijisi 10 ýyl bäri hereket edýär. Şu ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli Hytaýa 316 milliard kub metr tebigy gaz iberildi.

2022