Aşgabat we Berlin iki ýurduň işewürleriniň duşuşyklaryny goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Berlin iki ýurduň işewürleriniň duşuşyklaryny goldaýar
Germaniýanyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Berger

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Germaniýanyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda anna güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň zerurlygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, geçirilýän bu duşuşyklar Türkmenistanyň we Germaniýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynda netijeli görkezijileri gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýär.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny hem aýratyn bellediler.

Şeýle-de taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Dürli ugurlara gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge isleg bildirip, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara giňişliginde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak däplerini dowam etmek maksady bilen tagallalary ýokarlandyrmagyň möhümdigini hem bellediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022