Aşgabat we BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasy pendemiýa garşy göreşi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasy pendemiýa garşy göreşi maslahatlaşdy
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge (Surat: BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen duşenbe güni onlaýn maslahat geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşigiň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny, hususan-da koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreş ulgamynda Türkmenistanyň we BSGG-nyň netijeli hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG-niň Baş direktory bilen 7-nji awgustda geçiren wideomaslahatdan soň Türkmenistanyň DIM-niň we SGDSM-niň ýolbaşçylaryna BSGG-niň degişli edaralary bilen utgaşdyrylan işleriň has işjeňleşdirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Berilen tabşyryklary ýerine ýetirmek hem-de adam saglygyny goramak ulgamynda öňde duran möhüm wezipeleri hemmetaraplaýyn durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, geçirilen duşuşygyň çäklerinde ýurduň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary ýiti ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy bilelikdäki ählumumy göreşiň alnyp barylmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagynyň zerurlygyny ýene-de bir gezek nygtadylar.

Şeýle-de gepleşigiň çäklerinde ýurtdaky häzirki epidemiologiki ýagdaýlara oňyn baha berildi we golaýda Türkmenistanda saparda bolan BSGG-niň missiýasynyň bilermenleriniň beren maslahatlarynyň ýerine ýetirilişiniň depgini barada hem pikir alşyldy.

Döwrüň talaplarynyň nazarda tutulmagy bilen, ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak babatynda durmuşa geçirilýän çäreleriň oňyn netije bermegi ugrunda zerur tagallalaryň berjaý edilmelidigi aýratyn bellenildi.

Türkmen tarapy öz nobatynda, geljekde hem abraýly halkara guramalarynyň maslahatlaryna eýerjekdigini we bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň çäklerinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyny dowam etjekdigini tassyklady.