Daşary ýurt kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlaryny gözleýärler–bazarda täze teklipler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlaryny gözleýärler–bazarda täze teklipler
“Tatneft” JPJ türkmen işewürlerine Türkmenistanyň bazarlarynda ýerlemek üçin öz öndürýän motor ýagyny satyn almagy teklip etdi.

Türkmen ykdysadyýetiniň hususy bölegi öz ornuny berkitmegi dowam edýär. Eger-de ozallar iri daşary ýurt kompaniýalary esasan döwlet düzümleri bilen hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistana gelýän bolsalar, häzirki wagtda olar telekeçileriň bähbitli tekliplerine hem uly üns berýärler.

Ýurduň öňden gelýän hyzmatdaşy – “Tatneft” JPJ türkmen işewürlerine Türkmenistanyň bazarlarynda ýerlemek üçin öz öndürýän motor ýagyny satyn almagy teklip etdi diýip, "Orient" habar berýär. Bu teklibiň bähbitli tarapy teklip edilýän harytlaryň lomaý-bölek bahalaryny türkmen manadynda töläp bolýanlygydyr hem-de telekeçilere milli walýutany konwertirlemek zerurlygy bolmaz.

Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky şahamçasy gyzyklanma bildirýän taraplary degişli teklipler bilen şu elektron salga "filial_turkmen@mail.ru" ýüz tutmaga çagyrýar. Onda gyzyklanma bildirýän harydyň zerur möçberi görkezilmelidir.

Eýranyň “Şilat” balykçylar we balykçylyk guramasy hem türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi. Ýerli dellallaryň üsti bilen bu gurama türkmen bazarynda janly, doňdurylan hem-de gaplanylan balyk önümlerini, işbilleriň dürli görnüşlerini, balyklar üçin iýmleri, şeýle hem “Omega 3” baýlaşdyrylan ýagly şire kislotalaryny we balyk ýagyny ýerlemegi maksat edinýär.

Şol bir wagtda Eýranyň bu guramasy türkmen işewürleri bilen balyk hojalyklarynyň edaralaryna tehnologiýa taýdan goldaw bermek, balyklaryň we deňiz önümleriniň ýetişdirilýän ýerlerinde hyzmat etmek hem-de akwamedeniýeti bilelikde ösdürmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Iri daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň barha köpsanlysynyň türkmen firmalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmalarynyň artýandygy bilen baglylykda ýakynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) synçy derejesinde kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmen hökümeti tarapyndan öz wagtynda geçirilen bu çäre hususy düzümleriň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirer, işewürler, şeýle hem sarp edijiler üçin ony has bähbitli görnüşe getirer.

2022