Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan internet arkaly söwda amallaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, “Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň düzgünleri” işlenip taýýarlanyldy. Bu barada “Türkmenportal” anna güni habar berdi.
Düzgünler uzak aralykdan söwdany guramak, şol sanda harytlary mahabatlandyrmak, harytlary satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak, harytlary sarp edijä eltip bermek tertibi boýunça umumy düzgünleri öz içine alýar. Resminamada sarp edijiniň hukuklary we beýleki kadalar kesgitlenilýär.
Bu düzgünler guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik taraplara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki taraplara-hususy telekeçilere degişlidir.
“Harytlary uzaklykdan satmagyň düzgünleri” telekeçilik işini amala aşyrýan şahslaryň ýa-da olaryň gatnaşmagynda, elektron resminamalary ulanmak bilen lomaý söwdasy baglaşylýan geleşiklere, şertnamalara we başga hereketlere, şeýle hem söwda awtomatlary ulanmak arkaly harytlaryň satylmagyna, daşary ýurtlardan harytlary uzak aralykdan satyn almagyň şertnamalaryndan gelip çykýan gatnaşyklara, satyn almak-satmak şertnamalaryna, bäsleşiklere (tenderlere) degişli däldir.
Düzgünlere laýyklykda, ýurdumyzda internet-dükanlarynyň aşakda görkezilen görnüşleri hereket edip biler:
- işleýän dükan üçin goşmaça meýdança hökmünde internet-dükany;
- üpjün edijiniň ammaryndan diňe sargyt boýunça, diňe saýtyň üsti bilen satýan internet-dükany;
- özüniň ammary bolan, harytlary diňe saýtyň üsti bilen satýan internet-dükany.
Şeýle-de, internet-dükany söwdanyň birnäçe görnüşlerini utgaşdyryp biler (özüniň ammaryndan we sargytlar boýunça satmak).
Internet-dükanynda möçberi çäkli harytlary, alkogolly içgileri, temmäki önümlerini, biologik işjeň goşundylary, ýaraglary we ok-därilerini, audiowizual eserleri we fonogrammalary satmak gadagandyr.
Gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan önümleriň söwdasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
Harytlary uzak aralykdan (şol sanda internet dükanlaryň üsti bilen) satmagy amala aşyrýan ýuridik taraplar we hususy telekeçiler elektron kassa enjamlaryny ulanmaga hem-de alyjylara töleg terminallaryň üsti bilen hasaplaşyklary geçirmek üçin mümkinçilik döretmäge borçludyrlar. Kassa çekleri haryt üçin töleg geçirilen pursatynda şol bada berilýär.
“Harytlary uzaklykdan satmagyň düzgünleri” 2020-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan tassyklanyp, 2020-nji ýylyň 3-nji awgustynda 1367 belgi bilen Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.