Türkmenistanda “Awtoulag kärhanalar birleşigi” AGPJ dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Awtoulag kärhanalar birleşigi” AGPJ dörediler
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine “Awtoulag kärhanalar birleşigi” AGPJ-nyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisiniň barşynda “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini (AGPJ) döretmek hakyndaky Karara gol çekdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, gol çekilen resminama laýyklykda, AGPJ-ny döretmäge esaslandyryjylar hökmünde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna – esaslyk maýadaky paýy 40% we Awtomobil mekdepleriniň birleşigine – esaslyk maýadaky paýy 30% möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine “Awtoulag kärhanalar birleşigi” AGPJ-nyň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Karar awtoulag pudagynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmäge we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň şu ulgamynda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022