Türkmenistan we Günorta Koreýa gatnaşyklary pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Günorta Koreýa gatnaşyklary pugtalandyrýar
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-18-nji aprel aralygynda Türkmenistana iş sapary

Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýurduň halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da umumydygyny tassyklap, mundan beýläk-de dünýä giňişliginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ylalaşdylar.

Iki döwletiň Liderleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, “Merkezi Aziýa- Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijeli häsiýetine ýokary baha berdiler.

Iki ýurduň döwlet baştutanlary Hökümetara toparlarynyň we Işewür geňeşleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ornuny belläp, Türkmen-koreý işewür geňeşiniň golaýda geçirilen nobatdaky mejlisiniň döwletara söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle-de taraplar lukmançylyk hem-de saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar. Häzirki wagtda örän howply wehimi – COVID-19 täze görnüşli ýokançly keseli nazara almak bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklar örän wajyp hasaplanylýandygy bellenildi.

Prezident Mun Çže In hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän döwlet baýramlary bilen gutlady we bu dabaralara gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilini ugradýandygyny nygtady.