“Parahat” çaga iýmitleriniň täze görnüşlerini öndürer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Parahat” çaga iýmitleriniň täze görnüşlerini öndürer
Häzirki wagtda “Parahat” HK gök-bakja we miwe önümlerini gaýtadan işlemegiň esasynda çagalar üçin pýureleri, şeýle hem kokteýlleri taýýarlaýar.

“Parahat” hususy kärhanasy şu ýylyň ahyryna çenli ýaşy 6 aýlykdan uly bolan çagalar üçin şüleleriň birnäçe görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçileri birleşmesiniň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlaghanasy bilen bilelikde süle, greçka we tüwi şüleleriniň önümçilik tehnologiýalary işlenilip düzülýär. Bu işde irki ýaşdaky çagalar üçin önümleriň hiline, howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär.

Çaga önümlerini öndürmek bu kärhananyň esasy ugurlarynyň biridir. Kärhanada tebigy çig malyň esasynda daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan peýdaly we ekologiýa taýdan arassa önümler öndürilýär.

Häzirki wagtda “Parahat” HK gök-bakja we miwe önümlerini gaýtadan işlemegiň esasynda çagalar üçin pýureleri, şeýle hem kokteýlleri taýýarlaýar.