Deri öndürýän “Aksuw” kärhanasy daşarky bazarlara çykýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Deri öndürýän “Aksuw” kärhanasy daşarky bazarlara çykýar
Kärhanada ýylda 48-50 müň inedördül desimetr gön öndürilýär.

Derini gaýtadan işleýän “Aksuw” hojalyk jemgyýeti Italiýa Respublikasyna öz öndürýän önümleriniň ilkinji tapgyryny eksport etdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, italiýaly hyzmatdaşlar ýewropa hil standartlaryna laýyk gelýän türkmen kärhanasynyň önümlerine ýokary baha berdiler.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän kärhanada ýylda 48-50 müň inedördül desimetr gön öndürilýär. Kompaniýanyň önümçilik bölümlerinde Italiýanyň we Türkiýäniň döwrebap enjamlary gurnalandyr.

Mundan başga-da, “Aksuw” birnäçe ýerli kärhanalary deri önümleri bilen üpjün edýär.

2008-nji ýylda esaslandyrylan bu hojalyk jemgyýeti öz önümçiliginde iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirdi. Bu bolsa kompaniýa iri şahly mallaryň günde 10 tonna ýa-da 550 sany derisini gaýtadan işlemäge mümkinçilik döredýär.