“Türkmenaragatnaşyk” agentligine Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän “Vialeх FZE” kompaniýasy bilen wideoaragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin enjamlary, programma üpjünçiligini we ygtyýarnamalary satyn almak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer Baýramgeldi Öwezow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän ulgamynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sekiz aýda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem Öwezow häzirki wagtda ýurdumyz boýunça döwrebap wideoaragatnaşyk enjamlar toplumynyň gurnalandygyny aýdyp, enjamlary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
““Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan halkara bäsleşik yglan edildi. Onuň netijeleri boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň “Vialex FZE” kompaniýasynyň teklibi kabul edildi” diýip, wise-premýer belledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenaragatnaşyk” agentligine BAE-nyň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Karara gol çekdi.
Şu ýylyň sekiz aýynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň umumy ösüş möçberi 109,1% barabar boldy.