“Begler ýoly” hususy kärhanasy sargytlar esasynda plastik önümleri öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Begler ýoly” hususy kärhanasy sargytlar esasynda plastik önümleri öndürýär
“Begler ýoly” kärhanasy öz önümlerini “Algap” söwda nyşany bilen sarp edijilere hödürleýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Begler ýoly” hususy kärhanasy bir gije-gündiziň dowamynda 10-15 tonna plastik önümlerini öndürýär.

Bu kompaniýanyň önümçilik boýunça hünärmeni Şatlyk Babaýewiň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berşi ýaly, “Begler ýoly” kärhanasy öz önümlerini “Algap” söwda nyşany bilen sarp edijilere hödürleýär.

“Biziň kärhanamyzda esasan polietilen we polipropilen önümleri öndürilýär. Önümçilik bölümlerinde çişirme hem-de basyş usullary ulanylyp, bu ýerde azyk we azyk däl önümler üçin gaplar, miwe we bakja önümleri üçin sebetler, himiýa serişdeleri üçin gaplar hem-de bir gezeklik aşhana enjamlary öndürilýär” diýip, Ş.Babaýew gürrüň berdi.

“Begler ýoly” şeýle hem gök-bakja we miwe önümlerini gaýtadan işleýän hem-de himiýa serişdelerini öndürýän türkmen kompaniýalarynyň sargytlary esasynda  önümçiligi alyp barýar. Şeýle-de kärhananyň IML (In-Mould Labelling) tehnologiýasy esasynda, gaplara nyşanlary goýmak mümkinçiligi bardyr.

Mundan başga-da, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Russiýa, Azerbaýjana, Gruziýa, Gazagystana we Owganystana önümlerimizi eksport etmek üçin degişli gepleşikleri alyp barýarys diýip, Ş.Babaýew sözüniň üstüni ýetirdi.

2014-nji ýylda esaslandyrylan “Begler ýoly” hususy kärhanasynda 50-den gowrak işgär zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022