Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmäge gönükdirilen Karara gol çekdi. Bu barada TDH habarlar agentligi anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda, dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda 15% möçberde goşmaça hak tölemek bellenildi.
Şeýle-de 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, degişli sanawda görkezilen ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň 20%, hem-de beýleki obalarda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň 10% möçberde hak tölemek bellenildi.
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, häkimliklere degişli saglygy goraýyş işgärlerine döwlet maksatnamalarynyň çäginde gurluşygy amala aşyrylýan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilkinji nobatda berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.