Türkmenistanda iki palataly parlament döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda iki palataly parlament döredildi
Ýurdumyzyň milli Parlamenti mundan beýläk Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň Palatalary bolsa - Halk Maslahaty we Mejlis diýlip atlandyrylar.

Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda ýurdumyzda iki palataly täze parlamentiň döredilmegini göz öňünde tutýan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekildi.

TDH habarlar agentliginiň saýtynda habar berilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyz resminama Halk Maslahaty we Mejlis tarapyndan biragyzdan kabul edilenden soň gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Esasy Kanunyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, iki palataly Parlament düzümini döretmek hakyndaky ähmiýetli taryhy başlangyç bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen Konstitusion kanunyň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýändigini habar berdi.

Ýurdumyzyň milli Parlamenti mundan beýläk Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň Palatalary bolsa - Halk Maslahaty we Mejlis diýlip atlandyrylar.