Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 29 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 29 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasy

Türkmenistanda ýekşenbe güni ýurduň baş baýramçylyklarynyň biri – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly ýagdaýda bellendi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, baýramçylyk güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda däp boýunça Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Soňra ýurdumyzyň Baş meýdançasynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýöriş geçirildi.

Harby ýöriş türkmen Watan goragçylarynyň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi ýöriş ussatlygyny, harby tehnikalaryň we ýaraglaryň nusgalaryny görkezdiler.

Baýramçylyk ýörüşine parlamentiň we jemgyýetçiligiň, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň hemmesiniň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynyň, şeýle hem ýurduň sebitleriniň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň beyleki welaýatlarynda hem baýramçylyk dabarasy giňden bellenilip geçildi.

2022