Täjigistan-Özbegistan: serhetiň üstünden ýükleriň bökdençsiz geçirilmegi ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täjigistan-Özbegistan: serhetiň üstünden ýükleriň bökdençsiz geçirilmegi ýola goýlar
Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasynda haryt dolanşygy 217 million amerikan dollaryna deň boldy.

Täjigistan we Özbegistan serhetýaka gümrük nokatlaryndan harytlaryň geçiş şertlerini ýeňilleşdirmegi meýilleşdirýärler. Bu barada “Ховар” habar agentligine salgylanyp, REGNUM penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Duşanbe şäherinde geçirilen söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça täjik-özbek hökümetara toparynyň mejlisiniň barşynda Täjigistanyň Gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Hurşed Karimzoda we Özbegistanyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary Anwar Asamow Sarazm-Jarteppa serhetýaka geçelgesinden harytlaryň hem-de üçünji ýurtlaryň ulag serişdeleriniň bökdençsiz geçmegini üpjün etmek boýunça çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, Özbegistan Täjigistanyň haryt dolanşygy boýunça döwletleriniň bäşligine girýär. 2019-njy ýylda iki ýurduň arasynda haryt dolanşygy 362 million amerikan dollaryna deň bolup, 2015-nji ýyl bilen deňeşdirlende 30 esse ýokarlandy.

Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasynda haryt dolanşygy 217 million amerikan dollaryna deň bolup, ol Täjigistanyň daşary ýurtlar bilen söwdasynyň umumy möçberiniň 7% düzdi.

2020-nji ýylyň sekiz aýynda Täjigistan Özbegistana 53 million amerikan dollary möçberinde haryt eksport edip, ol ýurduň umumy eksportynyň 24% düzdi.

2022