Türkmenistan – ÝUNISEF: immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň meýilnamasy tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan – ÝUNISEF: immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň meýilnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda waksinalar arkaly keselleriň öňüni almak we bu işde ÝUNISEF bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi.

Köpsanly keselleriň öňüni almakda aýratyn ähmiýete eýe bolan waksinalaryň we beýleki immuna serişdeleriň yzygiderli satyn alynmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisiniň barşynda garalan möhüm meseleleriň biri boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda waksinalar arkaly keselleriň öňüni almak we bu işde BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň” çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm ugurda amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny nygtap, saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar – halkara guramalary we degişli lukmançylyk düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny belledi.

2022