Türkmenistanyň serhetýaka geçelgelerinde dezinfeksiýa işleri güýçlendiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň serhetýaka geçelgelerinde dezinfeksiýa işleri güýçlendiriler
Dünýäde epidemiologiki ýagdaýyň ýüze çykan ilkinji pursatlaryndan başlap, ýurdumyzda bu howpa öz wagtynda netijeli gorag çäreleri geçirildi.

Dünýäde epidemiologiki ýagdaýyň ýüze çykan ilkinji pursatlaryndan başlap, ýurdumyzda bu howpa garşy giň möçberli zerur işler amala aşyrylýar. Öz wagtynda netijeli gorag çäreleri geçirilip, bu ýiti ýokanja garşy göreşmek boýunça guramaçylyk, hukuk, maliýe, ykdysady, lukmançylyk we arassaçylyk-karantin häsiýetli ýeke-täk milli strategiýa işlenip düzüldi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda, gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşlerini geçirmegiň Tertibini tassyklady.

Gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşlerini geçirmegiň Tertibinde awtomobil we demirýol ulaglarynda zyýansyzlandyryş – dezinfeksiýa işleriniň hem-de ulaglaryň ähli görnüşlerinde getirilýän karantina degişli önümlerde geçirilýän ilkinji barlaglaryň netijesine laýyklykda, mör-möjeklere garşy zyýansyzlandyryş – fumigasiýa işleriniň geçirilmegi düzgünleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022