“Jeýhun kabel” hojalyk jemgyýeti her ýylda howa elektrik geçiriji ulgamlar üçin daşy gaplanmadyk A (içinden alýumin geçýän) we AS (içinden polat geçýän) görnüşli kabelleriň 4200 tonnadan gowragyny öndürýär.
“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, zawodyň ýylda elektrik gurnamalar üçin poliwinilhlorid plastikaty bilen daşy gaplanan APW, PW1, PW2, PW3, PW4, APPW, PPW görnüşli simleriň 5 müň kilometrini, daşy plastmas bilen gaplanan AWWG, APWG, PWG, WWG görnüşli kabelleriň 10 müň kilometrini öndürmäge mümkinçiligi bardyr.
Önümçilik üçin zerur bolan çig mallar – mis, alýumin, poliwinil plastikaty we beýlekiler daşary ýurtdan getirilýär diýip, habarda aýdylýar.
Mundan başga-da, kärhanada plastmas izolýasiýaly, daşy plastmas bilen örtülen, 450/750 wolt elektrik dartgynlylygy üçin simleriň ýylda 10 müň kilometrini hem öndürmäge ukyplydyr. Şeýle hem bu ýerde sargytlara görä, dürli görnüşli elektrik geçirijileri hem öndürilýär.
“Jeýhun kabel” 2018-nji ýyldan bäri elektrik geçirijileri we kabelleri öndürýär hem-de çykarylýan önümleriň görnüşleriniň üstüni artdyrmagy meýilleşdirýär.