Türkmenistan we ÝUNISEF immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň meýilnamasyna gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ÝUNISEF immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň meýilnamasyna gol çekdiler
Meýilnama Türkmenistanyň Sagylygy goraýyş we derman senagaty ministri we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili tarapyndan gol çekildi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNISEF-iň arasynda 83 million ABŞ dollarlyk bolan bäş ýyllyk waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

ÝUNISEF-iň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň” çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna” türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand gol çekdiler.

Gol çekmek dabarasynyň barşynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand: “Men Türkmenistanyň hökümetiniň çagalaryň abadançylygy we ilatyň saglygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan immunizasiýa derejesini ösdürmek üçin edýän tagallalaryna ýokary baha berýärin” – diýip, aýtdy.

2019-njy ýylda pnewmokok keseliniň, rotawirusyň we gepatit A-nyň öňüni almak üçin milli immunizasiýa meýilnamasyna ýene üç sanjym goşuldy we Türkmenistanda adaty immunizasiýa senenamasy BSGG-nyň tekliplerine doly laýyk geldi.

Häzirki wagtda Türkmenistan bütindünýä COVAX merkezine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. COVAX bu sanjym öndüriji taraplar bilen işleşmek, dünýä ýurtlara ygtyýarnama berlenden we tassyklanandan soň COVID-19 keseline garşy howpsuz we täsirli sanjymlara deň hukukly elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen bütindünýä başlangyjydyr.

2006-njy ýyldan bäri sanjymlary we sanjymlar bilen baglanyşykly enjamlary satyn almak hökümet tarapyndan doly maliýeleşdirilýär we ÝUNISEF ähli satyn alyş hyzmatlaryny hödürleýär. ÝUNISEF ýokary hilli, arzan bahaly BSGG tarapyndan makullanan sanjymlarynyň, howpsuz sanjym etmek enjamlarynyň we sanjymlary belli temperaturada saklamak üçin enjamlarynyň satyn alynmagyny we ýurda iberilmegini üpjün edýär.

2022