Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy barada

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy barada
Wirtual sergä gatnaşyjylar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy (TSSE) ýuridik şahs bolup, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalary, guramalary we ýuridik şahsy döretmezden öz işini amala aşyrýan telekeçileri meýletin esasda birleşdirýän, olaryň bähbitlerini goldamagy we goramagy maksat edinýän täjirçilik däl jemgyýetçilik guramasydyr.

Söwda-senagat edarasy tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek üçin telekeçilik işi bilen meşgullanyp biler. Edara özüniň tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirende Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň çäklerinde hereket edýär.

TSSE-niň esasy wezipeleri

  • hojalyk işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça Söwda-senagat edarasynyň agzalaryna, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda kömek edýär, wekilçilik edýär we bähbitlerini goraýar;
  • aýry-aýry pudaklaryň, sebitleriň we kärhanalaryň ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutup, telekeçilik işiniň ösmegine ýardam edýär;
  • Söwda-senagat edarasynyň agzalaryna we onuň hyzmatdaşlaryna geçirilýän sergilere, ýarmarkalara, biznes-forumlara we maslahatlara gatnaşmaga ýardam berýär;
  • Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň arasynda ykjam hyzmatdaşlygy, olaryň döwlet we onuň edaralary bilen arkalaşykly işini guraýar;
  • harytlaryň we hyzmatlaryň eksportynyň ösmegine ýardam edýär;
  • özüniň hukuklarynyň çäginde ynsapsyz bäsdeşlige we işjeňlige esaslanmaýan hyzmatdaşlyga ýol bermezlik we olaryň öňüni almak üçin çäreleri görýär;
  • daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda täjirçilik işini amala aşyrmagy üçin zerur bolan hyzmatlaryň berilmegini üpjün edýär;
  • Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň tabşyrygy boýunça olaryň Türkmenistanda bellige alynmagy üçin olara degişli resminamalary taýýarlamaga ýardam edýär;
  • harytlaryň hili, mukdary we toplanyşy bilen bagly, şeýle hem önümiň we emlägiň bahasyny kesgitlemek boýunça bilermen seljermelerini geçirýär;
  • halkara we milli sergilerini, ýarmarkalaryny, maslahatlary we biznes-forumlaryny guraýar, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň harytlarynyň sergilerini taýýarlamagy we geçirmegi üpjün edýär;
  • daşary ýurt döwletleriniň söwda edaralary bilen aragatnaşyklaryny ýola goýýar we ösdürýär, olar bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklar baglaşýar, ykdysady we söwda wekiliýetlerini guraýar;
  • Söwda-senagat edarasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyk gelýän beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

TSSE-de agzalyk

Hojalyk işlerini amala aşyrýan ýa-da Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen ykdysady, ylmy-tehniki we söwda aragatnaşyklaryny amala aşyrmaga gatnaşýan, eýeçiligiň görnüşlerine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslar, ýuridik şahsy döretmezden öz işini amala aşyrýan telekeçiler Söwda-senagat edarasynyň agzalary bolup durýarlar.

Şeýle-de pudaklaýyn ýa-da sebitleýin alamatlary boýunça telekeçileri birikdirýän assosiasiýalar we birleşmeler hem Söwda-senagat edarasynyň agzalary bolup bilerler.

Ýokarda agzalan şahslar TSSE tarapyndan bellige alynýar we olar sanawa girizilen gününden Edaranyň agzalary bolýarlar. Agzalar üçin giriş we her ýylky gatançlarynyň möçberleri Söwda-senagat edarasynyň Müdiriýeti tarapyndan onuň Tertipnamasyna laýyklykda bellenilýär.

TSSE-den çykan halatynda, onuň agzalary tarapyndan tölenen gatançlar yzyna gaýtarylmaýar we onuň emläginiň bölegi babatynda talaplar kabul edilmeýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022