Türkmenistanda 2021-nji ýylda aýlyk haklary 10% ýokarlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 2021-nji ýylda aýlyk haklary 10% ýokarlanar
Şu ýylyň ilkinji dokuz aýy döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 5,8% deň boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda  halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi ara alyp maslahatlaşyldy we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 5,8% deň boldy.

Hasabata görä, ýanwar-sentýabr aýlarynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,  öndürilen önümiň mukdary 4,2% artdy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4% artygyny, iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4% ýokarlanandygyny, şeýle hem Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22,2 milliard manada deň boldugyny wise-premýer habar berdi.

Şeýle-de 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp we diňleýji haklaryny hem-de döwlet kömek pullaryny 10% ýokarlandyrmak üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işiniň deslapky hasaplamalary barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi.

Mejlisiň barşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gejek döwür üçin ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Ykdysadyýetimizi (şol sanda energiýa serişdeleriniň bazaryny) liberallaşdyrmak, bäsdeşligi ösdürmek, işewür ýagdaýlary gowulandyrmak, ykdysadyýetimizde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça başlanan işleri hem dowam etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna Myratgeldi Meredowa, ulag we kommunikasiýa ulgamyna gözegçilik edýän orunbasaryna Baýramgeldi Öwezowa hem-de ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna Çary Gylyjowa käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary Pürli Agamyradowyň özüne ynanylan ulgama talabalaýyk ýolbaşçylyk etmegi oňarmandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ony işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz  bu wezipä Mämmetmyrat Geldinyýazowy belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy.