Aşgabatda lukmançylyk ulgamynyň täze edaralary açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda lukmançylyk ulgamynyň täze edaralary açyldy
Aşgabat şäherindäki täze Estetiki merkeziniň binasy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli lukmançylyk ulgamynyň iri täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, şenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi hem-de Estetiki merkezi açylyp, ulanmaga berildi.

Açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, şeýle-de Germaniýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan gelen lukman-professorlar, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň köpsanly işgärleri gatnaşdylar.

Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasy tarapyndan gurlan bäş gatly döwrebap ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi 130 orundan ybarat bolup, olaryň 20-si çagalar, 80-si hem uly adamlar üçin niýetlenendir. Onuň galan 30 ornunda bolsa, plastiki dikeldiş hirurgiýasy hem-de güýçlendirilen bejergi bölümleri ýerleşýär.

Merkeziň düzüminde «Tiz kömek» gullugy bolan kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş, barlaghana, ýanykdan soň şikesleri azaldyp, hereket etmäge ýardam berýän dikeldiş, endoskopiýa, zyýansyzlandyryş hem-de ýatymlaýyn bejeriş bölümleri bar. Bu ýerde birbada alty näsagyň bejergi almagy üçin niýetlenen barokameralar hem işleýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan Estetiki merkeziň düzümine lukmançylyk we estetiki kosmetologiýa, bedeni kada getirmek, sagaldyş, podologiýa we ortoniksiýe bölümleri girýär. Bu lukmançylyk edarasynda kosmetiki hyzmatlaryň doly görnüşini hödürleýän gözellik bölümi-de bar.

Estetiki merkez raýatlara maslahatlary berer, estetiki lukmançylygyň okuwlaryny, ýerli we daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda okuwlary, bu ugruň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary gurnar.

2022