Gruziýa 55 müň tonnadan gowrak türkmen dizel ýangyjyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gruziýa 55 müň tonnadan gowrak türkmen dizel ýangyjyny import etdi
Şu ýylyň dokuz aýynda Gruziýa 807,5 müň tonna benzin we dizel ýangyjyny import etdi.

Şu ýylyň yanwar-sentýabr aralygynda Türkmenistandan Gruziýa iberilen dizel ýangyjynyň mukdary 55,9 müň tonna barabar boldy. Bu barada Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşmesine salgylanyp “Business Грузия” habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda Gruziýa 807,5 müň tonna benzin we dizel ýangyjyny import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6% ýokarydyr.

Gruziýa şu ýylyň üçünji çärýeginde 309,6 müň tonna benzin we dizel ýangyjyny import etdi. Bu bolsa geçen çärýekdäki importyň möçberinden 22,1%, geçen ýylyň üçünji çärýegindäki importyň möçberinden 8,5% ýokary boldy.

Degişli döwürde benziniň importy 3,8% peselip, 388 müň tonna barabar boldy. Benziniň aglaba möçberi Russiýadan – 151,2 müň tonna (umumy möçberiň 39%) import edildi. Rumyniýadan benziniň 96,9 müň tonnasy (umumy möçberiň 25%), Bolgariýadan 62,3 müň tonnasy (umumy möçberiň 16,1%) we Gazagystandan 26,8 müň tonnasy (umumy möçberiň 6,9%) import edildi.

Degişli döwürde dizel ýangyjynyň importy 11,5% ýokarlanyp, 419,4 müň tonna deň boldy. Azerbaýjanyň paýyna umumy importyň 38% düşip, ol 159,3 müň tonna barabar boldy. Russiýadan dizel ýangyjynyň 99,5 müň tonnasy (umumy möçberiň 23,7%), Rumyniýadan 56 müň tonnasy (umumy möçberiň 13,3%) hem-de Türkmenistandan 55,9 müň tonnasy (umumy möçberiň 13,3%) import edildi.

Habar berilişine görä, 2019-njy ýylda Gruziýa benziniň we dizel ýangyjynyň 1 million 96 müň tonnasyny aldy.

2022