Türkmenistan-BAE: bilelikdäki komitetiň mejlisi onlaýn görnüşde geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-BAE: bilelikdäki komitetiň mejlisi onlaýn görnüşde geçiriler
Taraplar nobatdaky mejlisiň söwda, maýa goýumlar, nebitgaz pudagy, energetika we gurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Abdulnasr Jamal Al Şaaliniň arasynda çarşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň konsullyk hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigi nygtadylar.

Diplomatlar syýasy-diplomatik ugur boýunça gatnaşyklara  seredip geçdiler, sebit we halkara gün tertibi boýunça nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini bellediler. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki işjeň özaragatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň biri duşuşygyň gün tertibi bilen birlikde, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisine taýýarlyk görmek barada meseleler boldy.

Taraplar nobatdaky mejlisiň söwda, maýa goýumlar, nebitgaz pudagy, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we azyk üpjünçiligi, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Gepleşiklerde häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna, hususan-da COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň saklanylmagyna gyzyklanma bildirdiler.