Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň dokuz aýynda 77 million 870 müň manatlyk önüm öndürilip, ýyllyk meýilnamany 121% ýerine ýetirildi.
“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, agzalan döwürde mineral dökünleriň 302 müň 600 tonnasy öndürildi.
Zawodyň Magdanly şäherindäki bölümi hlorly hekiň 406 tonnasyny öndürdi. Bu bolsa geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 2,5 esse ýokarydyr. Şeýle-de şu ýyl zawodda kükürt kislotasynyň 74 müň tonna golaýy öndürildi. Mundan başga-da, bu ýerde oba hojalygy üçin zyýansyzlandyryjy serişde bolan kükürtli himiki serişdäniň dokuz aýda 2,300 tonnasy öndürildi.
Türkmenabadyň himiýa zawodynda lukmançylyk we tehniki kislorod öndürmek hem-de “Kökçi” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde akkumulýator önümçiligini guramak boýunça işler alnyp barylýar.
Ýakyn ýyllarda zawodda fosfor dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.