“Türkmendemirönümleri” zawody önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmendemirönümleri” zawody önümçiligini artdyrýar
“Türkmendemirönümleri” zawody şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 135 million 399 müň manatlyk önümleri öndürdi.

Türkmenistanda gurlyşyk senagatynyň täze kuwwatlyklaryny ulanyşa girizmegiň hasabyna bolşy ýaly, harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýän ozal hereket edýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylamagynyň netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk serişdeleriniň ornuny tutýan önümçiligiň mukdary artýar.

“Türkmenistan” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, “Türkmendemirönümleri” zawody şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 135 million 399 müň manatlyk önümleri öndürdi. Bu görkezijiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,35% deň boldy.

Soňky ýyllaryň dowamynda kärhanada dürli görnüşli önümleriň täze önümçilikleri ýola goýuldy. Bu bolsa müşderileriň buýurmalarynyň işlenilişini çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, kärhananyň önümleri uzak möhletleýin esasda ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalaryna iberilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşen, 2009-njy ýylda açylyp ulanylmaga berlen “Türkmendemirönümleri” zawody ýylda 160 müň tonna metal önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Türkmenistanyň agyr senagatynyň ilkinji kärhanasy Merkezi Aziýada bu ugurda işleýän iri kärhanalaryň biridir.

2022