Türkmenistanda Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli portal işe giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli portal işe giriziler
Onlaýn okuw maslahaty 28-nji oktýabra çenli dowam eder.

Halkara söwda merkezi (HSM) Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirýän “Merkezi Aziýa – söwda taýýarlyk” atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli portalynyň tehniki topary üçin onlaýn okuw maslahatyna badalga berdi.

HSM-de “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berilişi ýaly, okuw maslahaty bäş sessiýadan ybarat bolup, olar tehniki topary onlaýn-portalyň funksiýalary, ulanyjynyň interfeýsi, maglumatlary ýygnamagyň usullary we düzüminiň dolandyrylyşy bilen tanyşdyrmagy öz içine alýar.

Söwda onlaýn-portaly import, eksport we üstaşyr amallary üçin zerur bolan anyk işleri ýerine ýetirmäge, ylalaşyklara, kanunlara, kadalaşdyryjy namalara, görnüşlere we resminamalara elýeterliligi üpjün etmäge, halkara söwda barada peýdaly statistika maglumatlary bermäge kömek eder diýip, HSM-de bellediler.

Bellenilişi ýaly, okuw maslahatynyň jemleri boýunça HSM hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurdumyzda Milli portaly işe girizmegiň indiki ädimlerini işläp düzerler.

Onlaýn okuw maslahaty 28-nji oktýabra çenli dowam eder.

HSM-niň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (ÝUNKTAD) bilen bilelikde öňdebaryjy halkara tejribelerine laýyklykda düzülen Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça portallary eýýäm 23 döwletde, şol sanda Merkezi Aziýada hem durmuşa geçirilýär.

Halkara söwda merkezi Bütindünýä söwda guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň bilelikdäki edarasy bolup, ol ösýän we geçiş ykdysadyýetli ýurtlarda kiçi we orta kärhanalara dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolmaga ýardam edýär.

2022