Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda penşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) hem-de hususy türkmen IT-kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
TSTB-niň saýtynda habar berlişi ýaly, Birleşmäniň agzalary “Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň we sanlaşdyrmagyň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasynyň” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.
Habarda bellenilşi ýaly, maksatnama elektron resminama dolanşygyny we biržanyň onlaýn-söwdasynyň elektron ulgamyny girizmekden, “bir penjire” ulgamyny döretmekden hem-de Internediň üsti bilen birža hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr. Bu bolsa dünýäniň ähli künjeginden gyzyklanma bildirýänlere birža söwdalaryna gatnaşmaga mümkinçilik döreder.
Öz gezeginde, TSTB-niň söwda we hyzmatlar bölüminiň hünärmeni Ilaman Durdyýew IT-hyzmatlaryny hödürleýän telekeçileriň işleri hem-de olaryň TDHÇMB-ni sanlaşdyrmak boýunça işlere gatnaşmak mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, “Kemer” hususy kärhanasynyň direktory Nazar Amangeldiýew kompaniýanyň 2011-nji ýyldan bäri TDHÇMB bilen hyzmatdaşlyk edip gelýändigini belläp, biržanyň programma üpjünçiliginde we oňa IT-hyzmatlaryny hödürlemekde işleri dowam etjekdigini nygtady.
Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk tekliplerini alyşdylar.