Türkmen kompaniýasy 500 tonna golaý alma hasylyny ýygnady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy 500 tonna golaý alma hasylyny ýygnady
Geljekde ýaş baglar doly hasyla duranda, her düýpden 30-40 kilograma çenli hasyl alyp bolar.

“Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy şu ýyl 40 gektar ýerden 500 tonna golaý alma hasylyny ýygnady. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginden bölünip berlen ýeriň 300 gektaryny özleşdirip, 2017-nji ýylda onuň çäginde 40 gektar alma, 40 gektar üzüm, 5 gektar dürli ýerli baglary ösdürip ýetişdirdi. Alma nahallary Türkiýeden getirildi, üzümiň bolsa Özbegistandan getirilen hem-de ýerli görnüşleri oturdyldy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Toýly Çaryýewiň aýtmagyna görä, her gektarda 2,5 müň düýp alma nahaly bolup, olaryň arasy 1 metrden, hatar aralary bolsa 4 metrden ekildi. Bu ýerde almanyň ak, sary, alýaňak, gök görnüşleri bardyr.

“Bu baglaryň boýy 2 metr bolup, in gurşawy uly däl. Olaryň hasylyny awgustdan başlap, noýabra çenli ýygnap bolýar. Geljekde ýaş baglar doly hasyla duranda, her düýpden 30-40 kilograma çenli hasyl alyp bolar” diýip, T.Çaryýew belledi.

“Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň eýeçiliginde maldarçylyk toplumy bolup, onda häzirki wagtda iri şahly mallaryň 300 sanysy idedilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022