TSTB-niň wekilleri FAO-nyň sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň wekilleri FAO-nyň sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar
Maslahatyň barşynda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda durnukly azyk ulgamlary we sagdyn iýmitlenmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Ýewropa üçin sebitleýin maslahatynyň 32-nji sessiýasy duşenbe güni onlaýn görnüşinde öz işine başlady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynyň habar berşi ýaly, maslahata TSTB-niň hem wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň barşynda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda durnukly azyk ulgamlary we sagdyn iýmitlenmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Maslahatyň maksady geljekde azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, Ýewropada we Merkezi Aziýada durmuş-ekologiki durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýeti uly bolan kiçi we maşgala daýhan hojalyklaryna ünsi çekmekden ybaratdyr.

Mundan başga-da, maslahatyň gün tertibine “Sebitde geljekki işleriň ähmiýetli ugurlary” ýaly mesele hem girizildi. Bu ýerde COVID-19 ýüze çykaran ykdysady kynçylyklary hem-de onuň FAO-nyň ähmiýetli ugurlaryna ýetiren täsiri maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, FAO-nyň täze Strategiki çarçuwaly maksatnamasyny düzmäge degişli sebitleýin ugurlar maslahatlaşyldy. Bu Maksatnama 2021-nji ýylyň iýul aýynda geçiriljek FAO-nyň maslahatynda tassyklamaga hödürlener.

2022