Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda mehanizmleşdirilen ösümlikçilik hojalyklarynyň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 61.8% artdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna salgylanyp, “ORIENT.tm” çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu maglumatlar Türkmenistan oba hojalyk pudagynyň tehnologiki taýdan has-da ösýändigini görkezýär. Tehnologiýalaryň hasabyna oba hojalyk önümleriniň hasyllylygy hem-de hili ýokarlanýar, şeýle hem ýokary derejeli hünärmen-mehanizatorlar üçin iş orunlarynyň sany artýar.
Mehanizmleşdirilen işleriň artmagy gök-bakja hem-de miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekde öz täsirini artdyrýar. Şeýlelikde 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda gök önümler 8.4%, bakja önümler 10.1% , miwe önümler 7.6% köp öndürildi.
Ýurduň oba hojalyk pudagynyň tehnologiki binýadyny artdyrmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk uniwersiteti “John Deer” amerikan kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu ýokary okuw jaýynyň ýanynda kompaniýanyň Okuw merkezi hem bardyr.