Türkmenistanda 1 million 250 müň tonna pagta ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 1 million 250 müň tonna pagta ýygnaldy
Ýurdumyzda pagta ýygnamak möwsümi 9-njy sentýabrda başlap, iki aýdan hem az wagtda tamamlandy.

Türkmen pagtaçylary döwlet sargydy ýerine ýetirmek bilen 1 million 250 müň tonna pagta çig maly döwlet harmanyna tabşyrdylar. Bu barada “ORIENT.tm” penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji ilkinji sapar gazanyldy. Ozal kärendeçi-ekarançylar tarapyndan her ýylda döwlete bellenilen meýilnama 1 million 50 müň bolsa, 1 million 100 müň pagta satylýardy.

2020-nji ýylda ilkinji gezek bugdaý üçin ekin meýdanlaryny azaldyp, pagta üçin ekin meýdanlary giňeltmek hakynda çözgüt kabul edildi diýlip, habarda aýdylýar.

Ýurdumyzda pagta ýygnamak möwsümi 9-njy sentýabrda başlap, iki aýdan hem az wagtda tamamlandy. Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy: geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdana däne ekildi.

Şu günler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, gowaçanyň galan hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur işler dowam etdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022