Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan (SNGIZ) 2020-nji ýylyň başyndan bäri 23 müň 840 tonna agyr wakuum gazoýly eksporta iberildi. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bu önüm, zawodda öndürilýän ýol bitumy ýaly daşary ýurtly sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Mundan başga-da, kärhana çig nebitden we gaz kondensatyndan öndürilýän dürli önümleriň eksport möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Netijede benzin, dizel ýangyjy, mazut üstünlikli eksport edilýär.
Zawodda önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler geçirilýär. “Westport Trading Europe Limited” amerikan kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, 2015-nji ýylda bu ýerde ýol bitumyny öndürmek boýunça awtomatlaşdyrylan iň kämil desga işe girizildi.
Bellenilişi ýaly, işe girizilen bu desga diňe bir ýol bitumyny däl, eýsem, agyr wakuum gazoýlyny öndürmäge hem mümkinçilik berýär. Bu önüm ýokary hilli çalgy ýaglarynyň dürli görnüşlerini öndürmekde esasy çig mal bolup durýar.
Ýurdumyzda iň köp wagt bäri işläp gelýän nebiti gaýtadan işleýän kärhana – SNGIZ ýylda 6 million tonna nebiti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Şu ýylyň geçen dokuz aýynda zawodda dürli görnüşli benziniň 171,3 müň tonnadan gowragy öndürildi.