Türkmen biržasynda nebithimiýa önümlerine isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen biržasynda nebithimiýa önümlerine isleg artýar
Geçen hepdäniň dowamynda Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 9 million 567 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDH-nyň ýekşenbe güni habar berşi ýaly, Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, jinsi matany, boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna BAE-niň, Panamanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Şeýle-de BAE-niň telekeçileri “Türkmensenagat eksport-import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden karbamid, Beýik Britaniýanyň işewürler toparynyň wekilleri bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietilen we EKO-93 awtobenzinini satyn aldylar.

Şweýsariýaly telekeçiler 70 müň ýewro bolan “Tesla model Х” elektrik awtoulagyny satyn aldylar.

Şotlandiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň we Gazagystanyň işewürleri manat serişdesine jemi bahasy 27 million 42 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzdaky telekeçiler içerki bazar üçin 79 million manatlyga golaý “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle hem elde dokalan haly hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepdäniň dowamynda Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy.

2022