Daşoguzyň telekeçileri sebitiň ykdysadyýetine goşýan goşandyny artdyrýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň telekeçileri sebitiň ykdysadyýetine goşýan goşandyny artdyrýarlar
Ýüpek ýoly gurluşyk S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Şor ýer” obasynda täze elektrik geçirijisiniň gurluşygyna girişer, bu ýerde hem toplumlaýyn transformator kiçi bekedi oturdylar.

Bäsleşikli ýagdaýlaryň döredilmegi, milli Jemi içerki önümiň ösüşinde hususy ulgamyň paýynyň artmagy önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga itergi berýär hem-de milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna goşmaça maýa goýumlaryny çekmegiň şertine öwrülýär.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň ýekşenbe güni habar berşi ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde “Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýöriteleşdirilen edaralary ýerli energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Şu ýyl hojalyk jemgyýeti tarapyndan welaýatyň Ruhubelent şäherçesiniň Aşyk Aýdyň köçesinde täze elektrik geçirijisi guruldy. Bu ýerde beton sütünleriň 47-si dikildi, jemi 10 we 0,4 kilowoltlyk elektrik geçirijileriň bäş kilometrden gowragy gurnaldy.

Şeýle-de kompaniýa tarapyndan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow geňeşliginiň “Garagum-1” obasynda täze elektrik geçirijisi guruldy. Bu ýerde bäş ýarym kilometrde kuwwatlylygy 0,4 kilowolt we iki kilometre golaý ýerde kuwwatlylygy 10 kilowolt elektrik geçirijileri gurnaldy. Obada oturdylan kuwwatlylygy 250 kWa bolan täze toplumlaýyn transformator kiçi bekedi ýerli sarp edijileriň elektrik energiýasyna talabyny üpjün eder.

Şeýle-de kompaniýa ýakyn wagtda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Altyn ýol” geňeşliginiň “Şor ýer” obasynda täze elektrik geçirijisiniň gurluşygyna girişer, bu ýerde hem toplumlaýyn transformator kiçi bekedi oturdylar.

Hojalyk jemgyýeti Akdepe etrabynyň obalarynda hereket edýän elektrik geçirijileriniň durkuny täzelemek işlerini hem geçirdi, bu ýerde kuwwatlylygy 10 we 0,4 kilowolt elektrik geçijileriň sekiz kilometre golaýy täzelendi.

Mundan başga-da, “Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti köpugurly telekeçilik düzümleriniň biri bolup, welaýatyň çäklerinde kompaniýa degişli süýt önümlerini çykarýan hususylaşdyrylan kärhanasy bardyr. Şeýle hem ol et we süýt öndürýän sebitde iri maldarçylyk toplumynyň gurluşygyny alyp barýar.

2022