TSTB USAID bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB USAID bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär
TSTB bilen üstünlikli gatnaşyklaryň bardygyny belläp, USAID-niň wekili 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň täze derejesini gazanmak boýunça teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleriniň hem-de ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradzeniň arasynda çarşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

TSTB-niň saýtynda penşenbe güni habar berlişi ýaly, gepleşikleriň barşynda türkmen hususy kompaniýalarynyň geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmekde, türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini, şol sanda oba hojalyk pudagyny goldamakda USAID bilen gatnaşyklary babatda nygtaldy.

TSTB bilen üstünlikli gatnaşyklaryň bardygyny belläp, USAID-niň wekili 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň täze derejesini gazanmak boýunça teklipleri hödürledi.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Mundan başga-da, şu ýylyň 16-20-nji noýabrynda USAID-iň howandarlygynda sebitleýin söwdany we özara baglanşygy öňe sürmek maksady bilen her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa söwda forumynyň 10-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. TSTB tarapyndan bu foruma Birleşmäniň Syýahatçylyk, bilim we sport bölüminiň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Onlaýn-forumyň dowamynda COVID-19-yň sebitleýin üpjünçilik ugurlaryna täsiri, Merkezi Aziýada syýahatçylygyň dikeldilmegi, sebitleýin energetika bazarynda täzeçillik, sebitde elektron söwda üçin päsgelçilikler we mümkinçilikler, döwlet bilen hususy pudagyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de zenan telekeçileriň tejribesi ýaly meselelere we beýlekilere seredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022