Ahalda demir-beton önümlerini öndürýän zawod işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahalda demir-beton önümlerini öndürýän zawod işe girizildi
Kärhananyň taslama kuwwatlylygy – ölçegi 300 millimetrden 1200 millimetre çenli bolan ýylda 500 müň metr demir-beton turbalaryny çykarmakdan ybaratdyr.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda penşenbe güni hususy işewürlik ulgamynyň senagat desgasynyň – demir-beton önümlerini öndürýän zawodynyň açylyş dabarasy boldy.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň habar berşi ýaly, “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze desganyň umumy meýdany 6 gektara barabardyr. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy – ölçegi 300 millimetrden 1200 millimetre çenli bolan ýylda 500 müň metr demir-beton turbalaryny çykarmakdan ybaratdyr.

Şeýle-de desganyň çäklerinde dolandyryş binasy, önümçilik bölümleri hem-de beýleki kömekçi binalar ýerleşdirilendir. Bu ýerde 100-den gowrak iş orunlary, zähmet çekmek üçin zerur şertler döredilendir.

Bellenilişi ýaly, zawodda oturdylan ýokary tehnologiýaly enjamlar ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň esasynda önümleri öndürmäge, buýrujylara halkara talaplara we ölçeglere kybap gelýän demir-beton önümleriniň örän köp görnüşlerini teklip etmäge mümkinçilik berer. Önümleriň ýerli çig maldan taýýarlanylmagy ahyrky önümiň özüne düşýän gymmatyna we hiline oňyn täsir edýär.

Türkmenistanda döwrebap senagat düzümleriniň döredilmegine örän uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu bolsa sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge we umuman, ýurdumyzy ykdysady taýdan gülledip ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge hyzmat edýär.

2022