Türkmen wekiliýeti EAG-niň onlaýn mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti EAG-niň onlaýn mejlisine gatnaşdy
Mejlisiň barşynda EAG-niň öňünde goýlan maksatlara ýetmek we wezipeleriň oňyn çözgüdini tapmak boýunça geljekki bilelikdäki çäreler maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa toparynyň (EAG) onlaýn görnüşinde geçirilen 33-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.

TDH-nyň anna güni habar berşi ýaly, mejlise Ýewraziýa toparynyň 9 döwletiniň, ýagny Türkmenistanyň, Belarussiýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň, bu düzümde synçylar derejesine eýe bolan birnäçe ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine guramanyň öňünde goýlan maksatlara ýetmek we wezipeleriň oňyn çözgüdini tapmak boýunça geljekki bilelikdäki çäreleri, Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň COVID-19 pandemiýasy zerarly jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmegi kanunlaşdyrmak töwekgelçilikleri bilen baglanyşykly işleriniň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Şeýle hem 9-12-nji noýabrda geçirilen ýörite iş toparlarynyň mejlisleriniň netijeleri boýunça hasabatlar diňlenildi hem-de Ýewraziýa toparynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna, öňde boljak umumy mejlisleri geçirmegiň tertibine we beýleki guramaçylykly meselelere garaldy.

FATF-yň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Ýewraziýa topary terrorçylyk howpunyň peseldilmegine, milli maliýe ulgamlarynyň aýanlygynyň, ygtybarlylygynyň hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sebitiň döwletleriniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça halkara işlerine çekilmegine uly goşant goşýar.

2022