Türkmenistan Ukraina eksportyň mukdaryny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Ukraina eksportyň mukdaryny artdyrýar
Dokma önümleri eksportyň umumy möçberiniň 6,9% düzýär.

Türkmenistan şu ýylyň dokuz aýynda Ukraina haryt eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 62.8% ýokarlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “ORIENT.tm” penşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ilkinji aýlarynda dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen Ukraina eksportyň möçberi peseldi, emma iýul aýyndan başlap yzygiderli ýokarlandy.

Türkmenistanyň Ukraina eksportynyň esasy bölegini mineral ýangyçlar, nebit we nebit önümleri (48.5%) düzdi. Şeýle-de eksportyň 12.1% dökünlerden, 9.9% egin-eşiklerden we aksesuarlardan hem-de 6.9% beýleki dokma önümlerinden ybarat boldy.

2020-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri onlaýn gepleşikleri geçirip, onda ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda ylalaşyldy.

 
2022