Türkmenistan-ŞHG: energetika we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagyna seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-ŞHG: energetika we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagyna seredildi
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara kabul ederlikli taslamalary işläp düzmek arkaly özarabähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna taýýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni onlaýn görnüşinde geçirilen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 19-njy mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda ŞHG-niň agza-döwletleriniň we ŞHG-nyň ýanyndaky synçy-döwletleriň ýokary derejeli wekilleri guramanyň işiniň derwaýys ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny, şol sanda syýasat we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugry boýunça özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministr R.Meredow öz çykyşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ŞHG-niň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň wajyplygyny bellemek bilen, Türkmenistan bilen bu Guramanyň öz öňünde goýýan işjeň meseleleriniň arasyndaky utgaşyklylygy görkezdi.

Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary barada aýratyn bellenip geçildi. Bu bolsa ŞHG-niň döwletleri üçin uly mümkinçilikleri döredýär hem-de Ýewraziýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we sebitara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň kenarynda döredilen köpugurly port infrastrukturasyny we türkmen söwda flotunyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly bilelikdäki taslamalaryň işlenip düzülmegi barada teklip beýan edildi.

Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen senagat, ulag, ýokary tehnologiýalar we beýleki pudaklar boýunça özara kabul ederlikli  taslamalary işläp düzmek arkaly özarabähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna taýýardygy barada hem nygtaldy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyrylyp, onuň edara binasy Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýerleşýär. Guramanyň esasy maksady agza döwletleriň arasynda parahatçylygy has-da berkitmekden, hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, söwda-ykdysady, medeni, energiýa, ulag-aragatnaşyk, ylym-tehnika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat bolup durýar.

2022