Singapur laboratoriýada ýetişdirilen etiň satuwyna ygtyýar beren ilkinji ýurt boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Singapur laboratoriýada ýetişdirilen etiň satuwyna ygtyýar beren ilkinji ýurt boldy
Emeli towugyň tagamy adaty towugyňkydan tapawut etmeýär.

Singapuryň hökümeti “Eat Just Inc.” Amerikan kompaniýasyna laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen towuk etiniň satuwyna rugsat berdi. Şeýlelikde, Singapur şeýle önümiň satuwyna ygtyýar beren dünýäde ilkinji ýurt boldy. Bu barada “Bloomberg” agentligi çarşenbe güni habar berýär.

Haýwan öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirilýän “GOOD Meat” haryt nyşanly et önümi Singapuryň restoranlarynyň birinde taýýarlanylyp, müşderilere hödürlener.

“Eat Just” kompaniýasy ilkibaşda ýerli Azyk innowasiýa we çeşme merkezi bilen emeli towuk etini öndürmek babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Mundan başga-da, kompaniýa satuwyny restoranlara we soňra dükanlara giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda goşmaça enjamlary satyn alýar.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Joş Tetrigyň “Bloomberg” gazetine beren beýanatynda bellenilişi ýaly, emeli towugyň tagamy adaty towugyňkydan tapawut etmeýär.

Joş Tetrigyň aýtmagyna görä, emeli towugyň bahasy ilkinji alty aýda ýokary hilli towuk önümleriniň bahasyna barabar bolup, soňra önümçiligiň giňelmegi bilen arzanlar. Kärhana netijede öz önümçilik çykdajylaryny adaty towugyň önümçiliginden pese düşürmegi meýilleşdirýär.

“Eat Just” kompaniýasy haýwanlardan alynmaýan önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýär. Muňa mysal hökmünde mäşden ýasalýan “Just Egg” markaly ýumurtgany we wegan maýonezini getirip bolar.

Singapur emeli et ýaly alternatiw beloklaryň satuwyna çalt depginde geçýär. Bu bolsa ýurduň azyk howpsuzlygy babatynda syýasatyna gabat gelýär. Häzirki wagtda gür ilatly ýurt azyk önümleriniň aglaba bölegini import edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022