Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 56 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti ýekşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň telekeçileri dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, EСO-93 ulag benzinini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýeli işewürler karbamid satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň, Maltanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna, boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplük matalary we el halylary satyn aldylar.
Manat serişdelerine Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Wirgin adalarynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri nah ýüplügi, ýerli telekeçiler saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 29 million 352 müň manatdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen motor we binýatlyk ýagyny, “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, el halylaryny hem-de pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 193 million 146 müň manatlykdan gowrak boldy.
Geçen hepdede Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 262-si hasaba alyndy.