“Rostelekom” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Rostelekom” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
“Rostelekom” Russiýada sanly hyzmatlary we çözgütleri üpjün edýän iň uly kärhana.

Russiýanyň “Rostelekom” aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Rostelekom” kärhanasynyň beýanatyna salgylanyp, “Trend” habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Russiýanyň aragatnaşyk operatory diňe Türkmenistan bilen däl, eýsem Türkmenistanyň goňşy döwletleriniň operatorlary bilen hyzmatdaşlygy hem göz öňünde tutýar. Şeýle-de Russiýanyň kontentiniň ýurda getirilmegini meýilleşdirilýär.

 “Biz Türkmenistan bilen yzygiderli degişli işleri alyp barýarys we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözleýäris hem-de ösdürýäris” - diýip kärhanada bellediler.

Kompaniýa dünýädäki koronawirus pandemiýasyna garamazdan hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini nygtap geçýär.

“Rostelekom” dünýäde epidemiologiki ýagdaýyň kadalaşdyrylanyndan we howa gatnawynyň dikeldilmeginden soň, türkmen wekiliýeti bilen duşuşyklary guramagy meýilleşdirýär.

“Rostelekom” Russiýada sanly hyzmatlary we çözgütleri üpjün edýän iň uly kärhanasy bolup, bazaryň her bir ugrunda işler alyp barýar we millionlarça hojalyklary, döwlet we hususy guramalary öz içine alýar. “Türkmentelekom” kompaniýasy Russiýanyň operatory bilen 2006-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär.