“Lebapgazçykaryş” müdirligi 7 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” müdirligi 7 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi
“Lebapgazçykaryş” müdirligi şu ýylyň başyndan bäri 47,500 müň tonna golaý gaz kondensatyny öndürdi.

“Lebapgazçykaryş” müdirligi şu ýylyň başyndan bäri “mawy ýangyjyň” 7 milliard 771,7 million kub metrden gowragyny öndürip, bu baradaky meýilnamany 103,4 göterim ýerine ýetirdi.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, şeýle-de Lebap önümçilik müdirliginde geçen döwürde gaz kondensatynyň hem 47,500 müň tonna golaýy öndürildi.

Lebap welaýatynda tebigy gazyň gazylyp alynmagy geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda başlandy. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa, welaýatda bu pudagyň täze kärhanalary peýda boldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijesinde 1998-nji ýylda Naýyp gaz ýatagynda Italiýanyň “Tehnofrigo” kompaniýasy tarapyndan suwuklandyrylan gaz öndürýän ilkinji desga işe girizildi.

Soňra Naýyp we Bagaja gaz känlerinde Kanadanyň “Thermo Design Engineering Ltd” kompaniýasy tarapyndan türkmen gurluşykçylarynyň gatnaşmaklarynda suwuklandyrylan gaz öndürýän döwrebap desgalar toplumlary guruldy. Harytlyk önümi bolan suwuklandyrylan gazyň köp bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

2009-njy ýylyň dekabrynda açylan Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi hem öz gözbaşyny Lebap welaýatyndan alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022